Türkmen ýigidi söweş sungaty boýunça Belarusyň çempiony boldy

SalamNews

Belarus Respublikasynyň Pankration hem-de söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça milli federasiýasy pankration boýunça ýurduň çempionatyny geçirdi.

Urgy we söweş tehnikasynyň tilsimleriniň ençemesini özünde jemleýän başa-baş söweşiň uniwersal görnüşi boýunça guralan ýaryşda türkmenistanly türgen Abdylla Taýhanow hem çykyş etdi. Ýeri gelende bellesek, Abdylla Belarus Respublikasynyň döwlet uniwersitetinde okaýar.

Ildeşimiz 66 kilogram agram derejesinde hemmelerden güýçli çykdy. Şeýlelikde, ol ýaryşyň altyn medalyna we guramaçylaryň ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldy. Guramaçylar tarapyndan taýýarlanan Hormat haty bu sylaglaryň üstüni ýetirdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews