Türkmen küştçüsi halkara ýaryşda ýeňiş gazandy

SalamNews

30 Iýun, 2022

Türkmen küştçüsi Saparmyrat Atabaýew Izmirde (Türkiýe) geçen «Çeşme Open» halkara küşt ýaryşynda ýeňiş gazandy. Bu barada «Turkmen Sport» web saýty habar berdi.

Halkara ýaryşda 9 ýurtdan bolan küştçüleriň 48-si çykyş etdi. Türkmenistanly küştçülerden bolsa halkara grossmeýsterler Meýlis Annaberdiýew, Hanjar Ödäýew we FIDE-niň ussady Saparmyrat Atabaýew dagy ýeňiş ugrunda göreş alyp bardy.

Saparmyrat 8 utuk toplady. Bu mümkin bolan 9 utukdan diňe biriniň ýitirilendigini aňladýar. Meýlis Annaberdiýew 6,5, Hanjar Ödäýew bolsa 6 utuk toplamagyň hötdesinden geldiler.

Nobatdaky bäsleşik türkmen küştçüleri üçin şu ýylyň 28-nji iýulyndan 11-nji awgustyna çenli dowam etjek 44-nji Bütindünýä Küşt olimpiadasyna taýýarlygyň möhüm tapgyryna öwrüldi. Bu ýaryş Hindistanyň Çennaý şäherinde guralar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews