Türkmen aýdymçysy Moskwadaky «Dutaryň sesi» atly VII halkara sungat festiwalynda 3-nji orna mynasyp boldy

SalamNews

8 Noýabr, 2023

«Dutaryň sesi» atly VII halkara sungat festiwaly şu ýyl beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlandy.

Festiwalyň çäginde geçen bäsleşige Türkmenistandan hem ýerine ýetirijiler we aýdym-saz toparlary gatnaşdylar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň wokal mugallymy we aýdymçy Begdurdy Çerkezow festiwalyň III derejeli diplomy bilen sylaglandy.

Zehinli aýdymçynyň «SalamNews» saýtynyň habarçysyna gürrüň berişi ýaly, bäsleşige gatnaşmak we Nury Halmämmedowyň adyny göterýän «Dutaryň sesi» atly halkara sungat festiwalynyň diplomyna eýe bolmak — uly hormat.

Biz «Joşgun» çagalar aýdym-saz toparynyň hem «Dutaryň sesi» atly VII halkara sungat festiwalynyň diplomyna eýe bolandygyny habar beripdik.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews