Tennisçi ýetginjeklerimiz halkara ýaryşyň nobatdaky tapgyryna şowly başladylar

SalamNews

16 Ýanwar, 2023

14-nji ýanwarda türkmenistanly ýetginjekler Isa-Taun şäherinde (Bahreýn Patyşalygy) geçýän tennis boýunça 14 ýaş we şondan kiçi türgenleriň arasyndaky Günbatar we Merkezi Aziýa sebitiniň halkara ýaryşynyň ikinji tapgyryna başladylar. Ildeşlerimiz tapgyryň ilkinji duşuşyklaryny ýeňiş bilen jemläp, indiki oýunlaryna ynamly gadam goýmagyň hötdesinden geldiler.

Bu ýaryşda altynjy korta çykan türkmen ýetginjegi Selim Çagylow nobatdaky garşydaşyny — Fares Al-Wazeri ynamly ýeňmegi başardy — 6:0; 6:0. Ilima Guseýnowa bilen Natalýa Marlynowa jübüti bolsa bahreýnli Haneen Alnajjar hem-de Salma Faragallah jübütini (6:1; 6:1) ýeňlişe sezewar etdi.

Imran Ahundow bilen Selim Çagylow bilelikde Saud Arabystanyndan gelen ýetginjeklerden — Ali Al Ahmedden hem-de Haider Alfraidden (6:4; 6:2) üstün çykdylar. Imran Ahundow üç set dowam eden oýunda Hristof Abu Haçemi ýeňdi — 3:6; 6:3; 6:1.

Biz ýaryşyň nobatdaky netijelerini hem okyjylarymyz bilen paýlaşarys.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews