Merkezi Aziýanyň sebitleýin ýaryşynyň guramaçylygyna ýardam eden meýletinçilere Hormat hatlary gowşuryldy

SalamNews

14 Iýun, 2023

5 — 9-njy iýun aralygynda Aşgabat şäheriniň Oimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda guralan 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasyndaky tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň guramaçylyk taýdan diýseň ýokary derejede geçmeginde meýletinçileriň orny örän uludyr.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň guramagynda geçirilen çärede şol sport baýramçylygynyň guramaçylygyna ýardam eden meýletinçi ýaşlaryň sylaglanmagy olaryň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanyna öwrüldi. Bu barada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň resmi web-saýtynda habar berildi.

Çärede ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryndan düzülen meýletinçiler toparynyň agzalarynyň ählisine Hormat hatlary gowşuryldy. Bu ýerde meýletinçilere 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasyndaky tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşyndaky sazlaşykly işleri üçin sagbolsun aýdyldy.

Ýeri gelende bellesek, bäsleşige 170 meýletinçi gatnaşyp, olar guramaçylygyň ugurlary boýunça degişli işleri alyp bardylar.

Aslynda 2017-nji ýylda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem-de beýleki halkara ýaryşlarynyň tejribesi bu ýaryşyň meýletinçilik işi boýunça has-da kämil derejede geçmegine ýardam etdi. 

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews