Türkmen telekeçileri 2023-nji ýylda oba hojalyk önümleriniň eksportyndan 135 million dollarlyk girdeji aldylar

SalamNews

4 Ýanwar, 2024

Soňky maglumatlara görä geçen ýyl telekeçilerimiziň oba hojalyk önümleriniň eksportyndan gazanan peýdalary 135 million amerikan dollaryna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylky bilen deňeşdireniňde, 10 göterimden hem ýokarydyr. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Obasenagat toplumy we balykçylyk müdirliginiň başlygy Şamyrat Herremow habar berdi.

Şamyrat Herremowyň aýtmagyna görä, Türkmenistanda geçen ýyl diňe pomidor önümçiliginiň eksport söwdasy 100 million amerikan dollaryna ýetdi.

— Geçen ýyl oba hojalyk we azyk ugurly önümçilikleriň 20-den gowragy işe girizildi. Türkmen telekeçileriniň eksport geografiýasy hem barha giňäp, olar Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Eýran, Gyrgyz Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe ýaly döwletlere öz önümlerini eksport edýärler — diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Obasenagat toplumy we balykçylyk müdirliginiň başlygy aýtdy.

Şeýle hem Şamyrat Herremow diňe geçen ýylda täze önümçilikleriň işe girizilmegi bilen 500-den gowrak täze iş orunlarynyň açylandygyny we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň esaslandyrylanyndan bäri ýurtda 422 müňden gowrak hemişelik iş ýerleriniň döredilendigini mälim etdi.

Mundan başga-da, Şamyrat Herremow balykçylyk bilen meşgullanýan türkmen telekeçileriniň sanynyň 66-a ýetip, olaryň zähmeti netijesinde 2022-nji ýylda 2500 tonna golaý balyk we balyk önümleriniň öndürilendigini aýtdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews