Türkmen telekeçileri Hytaýda geçiriljek halkara sergä çagyrylýar

SalamNews

Türkmen telekeçileri 4—6-njy sentýabr aralygynda Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çunşin şäherinde geçiriljek «Smart China Expo 2023» intellektual senagatynyň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň web sahypasynda habar berildi.

«Smart China Expo 2023» 2018-nji ýyldan bäri her ýyl Çunşin şäherinde geçirilýär. Sergi «akylly» tehnologiýalar pudagynda global tehnologiýa alyş-çalşyny we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin esasy platforma bolup durýar.

Bu çärede önümçilik, transport ýaly 30-dan gowrak ugur boýunça müňden gowrak amaly işler görkeziler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews