Türkmen kinoçylary halkara kinofestiwalyna çagyrylýar

SalamNews

3 Maý, 2024

2

«Stambul CinéCollective» halkara taslama-rezidentsiýasy kinorežissýorlara şahsy dokumental ýa-da gibrid film taslamalaryny ösdürmekde goldaw berýär we olara howandarlyk edýär.

Bu başlangyç kino sungatyny öwrenmegi we hyzmatdaşlygy ösdürýän gurşawy döretmegi maksat edinýär. Şeýlelik bilen medeni we çeper alyş-çalyş üçin özboluşly platforma üpjün edýär, şol bir wagtyň özünde hem taslamalaryň sebit derejesinde ösdürilmegine mümkinçilik berýär.

Bu seminaryň esasy maksady kinemotografiýaçylaryň sebit we bu ulgamdaky fransuz hünärmenleriniň şahsy goldawyndan peýdalanyp biljek giňişlik bermekdir. Bu goldaw taslamalary öňe sürmäge we onuň ösüşinde aýgytly ädim ätmäge, hyzmatdaşlary we goldawçylary tapmaga kömek etmekden gelip çykýar. Türkmenistandan gatnaşyjylar üçin hem açyk bolan bu sebit moduly, awtorlar üçin merkez döretmegi we sebit derejesinde taslamalaryň emele gelmegine itergi bermegi maksat edinýär.

«Stambul CinéCollective» taslamasyna gatnaşmak isleýänler 24-nji maýa çenli şu baglanyşyga ýüz tutmaly!

Goşmaça maglumatlar üçin şu ýere basyň!

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews