Türkmen küştçisi Leýla Şöhradowa ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda öňdeligi saklaýar

SalamNews

18 Noýabr, 2023

Türkmen küştçisi Leýla Şöhradowa ýetginjekleriň küşt boýunça dünýä çempionatynyň 16 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky ýaryşynyň 4-nji tapgyryndan soň russiýaly Aleksandra Şwedowa bilen 1-2-nji orunlary paýlaşýar. Ýaryş 13 — 25-nji noýabrda Italiýanyň Montesilwano şäherinde geçirilýär.

Leýla ýaryşyň başyndan şu wagta çenli geçiren 4 oýnunyň ählisinde ýeňiş gazandy we Elo reýtingini 100 utuk ýokarlandyrmagy başardy. Dördünji tapgyrdan soň Leýlanyň reýting görkezijisi 2650 balla ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berdi.   

Ýaryşyň bäşinji tapgyrynda Leýla dürli ýaş derejesinde birnäçe gezek dünýäniň çempiony bolmagy başaran hem-de häzirki wagtda 4 utuga eýelik edýän russiýaly Aleksandra Şwedowa bilen duşuşýar.

Mümkin bolan 4 utukdan 3,5 utuk jemlän Mähri Agamyradowa 125 gatnaşyjynyň arasynda dowam edýän 15 ýaşly gyzlaryň bäsleşiginde çykyş edýär. Eýýäm 4-nji tapgyrdan soň Mähri Elo reýtingini 50 ball ýokarlandyrmagy başardy. 5-nji tapgyrda bolsa Mähri FIDE-niň ussatlygyna dalaşgär Božena Piddubna bilen duşuşýar.

Biziň beýleki gatnaşyjylarymyzdan 2,5 utgy bolan Amanmuhammet Hommadowy (18 ýaşa çenli ýaş oglanlar), Lala Şöhradowany (18 ýaşa çenli gyzlar) we her biri 1,5 utuk jemlän Sanjar Gaýbullaýewi (16 ýaşa çenli ýetginjek oglanlar) hem-de Gurbanmyrat Rüstemowy (14 ýaşa çenli ýetginjek oglanlar) görkezip bileris.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň tälimçiler toparyny her tapgyrdan soň öz şägirtleri bilen ykjam düşündiriş işlerini geçýän Serdar Annaberdiýew hem-de Gurbangeldi Amangeldiýew düzýär.

Çempionatyň çäginde geçirilýän küşt tagtasynyň başyndaky duşuşyklaryň netijeleri bilen lichess.org saýty arkaly tanşyp bilersiňiz!

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews