Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsertler taýýarlanylýar

SalamNews

23 Maý, 2024

1

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanda aýdym-sazly medeni baýramçylyklardan başlap, döredijilik bäsleşiklerini, teatr we sirk çykyşlaryny özünde jemleýän gyzykly çäreleriň toplumy taýýarlanylýar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy saz sungatynyň kiçijek muşdaklary we olaryň ata-eneleri üçin çagalaryň baýramyna bagyşlanan birnäçe konsertleri geçirer.

27-nji maýda 17:00-da «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezinde «Türkmenistan Watanym – bagtyýar çagalygyň mеkany» atly konsert bolar.

Bu çärä baranlar aýdym-sazlardan, tanslardan we gyzykly oýunlardan lezzet alarlar. Çärä iň işjeň gatnaşanlar höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanar.

28-nji maýda 17:00-da bolsa çagalar boş wagtlaryny gyzykly geçirmek üçin «Aşgabat» medeni dynç alyş seýilgähinde guraljak aýdym-sazly dabara çagyrylýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde guralan «Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly konsert interaktiw ýaryşlary we gyzykly oýunlary öz içine alar. Bäsleşiklerde ýeňiji bolanlara baýraklar gowşurylar.

31-nji maýda sagat 18:00-da M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda çagalar aýdym-saz mekdepleriniň okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň we sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda uly konsert bolar.

Mugallymlaryň belleýşi ýaly, aýdym-saz mekdepleriniň okuwçylary bu konsertlere uly jogapkärçilik bilen taýýarlyk görýärler. Çünki giden tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmek çagalaryň sazanda we ýerine ýetiriji hökmünde ösmegine goşant goşýan gymmatly tejribedir.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews