Moskwanyň Milletler öýünde Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bellenilip geçildi

SalamNews

14 Dekabr, 2023

12-nji dekabrda Moskwanyň Milletler öýünde «Tükmenistanyň medeniýet günleri» mynasybetli Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Russiýada ýaşaýan türkmen raýatlary, şeýle hem Moskwanyň uniwersitetlerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu dabarany «Rus-Türkmen Medeniýet Merkezi», «Hazar mirasy» atly Hazar halklarynyň dostlugyny berkitmek boýunça Döwletler gaznasy,  Moskwada geçirilýän Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti bilen bilelikde gurnady.

«Tükmenistanyň medeniýet günleri» türkmen-rus suratkeşleriniň  «Biz Russiýa bilen» atly sungat sergisi bilen açyldy. Bu sergide Waleriý Kurbanowyň, Darius Asadullaýewiň, heýkeltaraş Togrul Ýarmämedowyň, grafika suratkeşi Kristina Grinewanyň eserleri görkezildi.

Çäräni ANO «Rus-Türkmen Medeniýet Merkezi», müdiri Kalandarow Kamiljan Hamutowiç açyp, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG Baş Assambleýasynyň mejlisinde Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berlendigi baradaky kararyň kabul edilenligi we şol güni her ýyl Türkmenistanda aýratyn sene hökmünde ýurt derejesinde dürli baýramçylyk konsertlerini, medeni köpçülikleýin çärelerini geçirip bellenilýändigi barada giňişleýin belläp geçdi.

Soňra çäre «Türkmenistanyň Bitarap statusyny Merkezi Aziýada we Hazar deňzinde möhüm howpsuzlyk faktorydyr» atly halkara maslahaty bilen dowam etdi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Bitaraplyk statusyna eýe bolandan soňra Türkmenistan, Russiýa Federasiýasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we baýlaşdyrmak üçin uly ähmiýet berilýän ugurlar barada aýratyn belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda, şu ýylyň 29-njy oktýabryndan 4-nji noýabry aralygynda Moskwada bolup geçen Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VII halkara sungat festiwalynyň ýeňijileri baýramçylyk konsertinde çykyş etdiler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews