Türkmen wekiliýeti Wýetnamda gepleşikleri geçirdi

SalamNews

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 27-nji iýunyndan 1-nji iýulyna çenli daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we şähergurluşyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Wýetnam Sosialistik Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Onuň çäklerinde 27-nji iýunda Wýetnamyň DIM-niň binasynda türkmen wekiliýetiniň Wýetnamyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nguýen Min Wu bilen duşuşygy geçirildi.

TDIM-niň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny bellediler. Taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler. Bu ugurda gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly mümkinçilikler tanyşmak we öwrenmek hem-de iki ýurduň arasyndaky Işewürler maslahatynyň hereketini ýola goýmak maksady bilen, söwda-ykdysady wekiliýetleri alyşmak boýunça teklipler beýan edildi.

Şeýle hem taraplaryň medeniýet, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ygrarlydyklary nygtaldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews