Türkmenistanyň wekiliýeti «Prix Italia-2023» festiwalyna gatnaşdy

SalamNews

Italiýanyň Bari şäherinde «RAI» teleýaýlymynyň 75 ýyllygy mynasybetli «Prix Italia-2023» festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekilleýiti hem gatnaşdy. Şol wekiliýetiň çäklerinde bolsa duşuşyklar geçirildi, esasan «RAI» teleýaýlymynyň prezidenti, Italiýanyň daşky gurşawy goramak ministri hem-de Bari şäheriniň häkimi bilen duşuşyklar boldy.

Şeýle hem Italiýanyň «RAI» teleýaýlymynyň söwda we alyş çalyş bölüminiň müdiri bilen duşuşyk boldy. Bu duşuşyklaryň hemmesinde geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikeri barada, esasan «RAI» teleýaýlymy bilen ähtnama baglanyşmak barada pikir alyşyldy.

Şeýle hem «Prix Italia» festiwalynyň prezidenti bilen duşuşyklar boldy. Oktýabr aýynyň 6-na Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisi geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews