Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

SalamNews

1

29-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek we bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur işler dowam etdirilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Welaýatlardaky galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, beýleki gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, bu ekinleriň ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň pileçi kärendeçileri tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkimler «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Serdar Berdimuhamedow hasabatlaryy diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde, şeýle hem bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutany Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan gowaça ekişi alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary we bugdaý ýygýan kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Diýarymyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmek, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Ýurdumyzda piläniň öndürilişini artdyrmak we bu möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin häzirki wagtda welaýatlarda pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle-de ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Watanymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralara beslenip, giňden bellenilip geçilendigini aýtdy we bu baýramçylyk mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmaga, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga, atçylyk pudagyny döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmäge döredýän ajaýyp şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza, Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews