Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

SalamNews

2

20-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlar berdiler.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pagtanyň öndürilýän möçberini artdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri alnyp barylýar. Gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. Tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak, daşamak hem-de talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýetişdirilen piläni ýygnamak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem häkimler welaýatlarda «Soňky jaň» dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlar berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, galla oragy möwsümini ýokary guramaçylykly geçirmek üçin talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda häkimlere anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamaklaryny tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Bu işleriň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar, bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglar möwsüme doly taýýar edildi. Şeýle hem tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnamak, daşamak, galla kabul ediş kärhanalarynda bellenen tertipde kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler guramaçylykly dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi we galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, gowaça meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, talabalaýyk alyp barmak üçin zerur çäreleriň görülmegini wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynlaşyp gelýän galla oragy möwsüminiň wajyp ähmiýetine ünsi çekdi hem-de oňa gatnaşjak ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin ýokary derejede taýýarlyk görülmegini tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews