Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan täze hem şüweleňli çykyşlar görkezildi

SalamNews

2 Iýun, 2024

1-nji iýunda ýurdumyzda giňden bellenen Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwlet sirkiniň artistleriniň hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň «Ganatly bedewler» atly sahnalaşdyrylan sirk oýunlary görkezildi.

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň şowhunly çykyşlarynyň çäklerinde dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ahalteke bedewleri bilen ýerine yetiryän çylşyrymly hereketleri, parahatçylygyň nyşany bolan ak «Pawlin» kepderileriniň, howa gimnastlarynyň, akrobatlaryň, türkmen alabaýlarynyň hem-de «Arwana» düýeleriniň çykyşlary, Hindistanyň şadyýan «Makaka» maýmynjyklarynyň, Afrikanyň täsin jandarlary bolan «Burçello» zebrasynyň täsin hereketleri, uzynaýak düýeguşyň, jadygöýdir gözbagçylaryň täsin hokgalary, masgarabazlaryň gülküli oýunlary, «Ýedigen» tans toparynyň tansçylarynyň, «Pudel» güjüjekleriniň sahnada ýerine etiryän oýunlary we ýüpde ýöreýän gyzjagazyň, žanglýorlaryň, erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň çykyşlary tomaşaçylara ruhy lezzet berdi.

Ildeşlerimiz 2-nji iýunda sagat 18:00-da hem sirk dünýäsiniň täsinliklerinden we jadyly howasyndan lezzet alyp bilersiňiz.

Petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň kassasyndan satyn alyp bolýar. Goşmaça soraglar üçin 36-10-95, 36-10-94 telefon belgilerine jaň ediň!

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews