Türkmenistan Fransiýa bilen söwda dolanyşygyny üç esse artdyrar

SalamNews

7 Awgust, 2023

2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlary aralygynda Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 28,91 million ýewrodan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda habar berildi.

Hasabat döwründe bu görkezijiler geçen ýylyň ilkinji dört aýy bilen deňeşdirilende 3,1 esse ýokarydyr (9,27 million ýewro).

Türkmenleriň 2023-nji ýylyň ýanwar—aprel aýlarynda Fransiýa eksporty, takmynan 3,29 million ýewro boldy. Bu bolsa 2022-nji ýylyň şol aýlary bilen deňeşdirilende 2,4 esse köpdür (1,34 million ýewro).

Türkmenistan şu ýylyň ilkinji dört aýynda Fransiýadan importy 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,2 esse (7,93 million ýewro) — 25,62 million ýewro çenli köpeltdi.

Bu aralykda, 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 40,67 million ýewro bolup, bu bolsa 2021-nji ýyldakydan 6,75 göterim köpdür (38,1 million ýewro).

Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistan bilen ÝB ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 345,67 million ýewrodan gowrak boldy. Bu bolsa 2022-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 10,4 göterim ýokarlanandygyny — 312,88 million ýewro bolandygyny görkezýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews