Ýurdumyzyň Belgiýa eksporty 15 esse artdy

SalamNews

10 Maý, 2023

Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Belgiýa 2,33 million ýewro barabar haryt eksport etdi — diýip, trend.az ýazýar.

Bellenişi ýaly, bu görkeziji geçen ýylyň ýanwar-fewral aýlary bilen deňeşdirilende 15,8 esse ýokarydyr. 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 6,96 million ýewrodan gowrak bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,0 esse ýokarydyr.

Şu ýylyň ilkinji iki aýynda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlary bilen deňeşdirilende Türkmenistan Belgiýadan importy 58 göterim ýokarlandyrdy.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 38,32 million ýewro barabar boldy. Bu bolsa 2021-nji ýyldakydan (15,93 milliard ýewro) 2,4 esse köpdür.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews