«Ýüpek ýoly» rallisine 19 ýurtdan 80 ekipaž gatnaşar

SalamNews

28 Iýun, 2022

«Ýüpek ýoly» rallisine 19 ýurtdan bolan ekipažlaryň 80-siniň gatnaşjakdygy şu gün «Риа» web saýtynda habar berildi. Bu maglumat ýaryşyň öz saýtynda berlen habara esaslanýar.

Ýaryşyň badalgasyna umumy 9 motosikl we ýük ulaglary, ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglaryň 25-si, ähli ýolda hereket edýän motoulaglaryň 14-si, 3 kwadrosikl hem-de höwesjeňleriň ekipažlarynyň 20-si çagyryldy. Ýaryşyň badalgasyna Russiýa Federasiýasyndan, Gazagystandan, Belarusdan, Türkmenistandan, Täjigistandan, Mongoliýadan, Fransiýadan, Italiýadan, Meksikadan, Ysraýyldan, Hytaýdan, Ukrainadan, Serbiýadan, Liwandan, Çehiýadan, Kiprden, Beýik Britaniýadan, Täze Zelandiýadan we Şweýsariýadan bolan türgenler çykar. Tapgyryň ýol ugry Russiýanyň 11 sebitinden geçer. Ýaryş ilkinji gezek Dagystanyň çäginde hem-de Çeçen Respublikasynda guralar.

Şu ýylyň martynda 2022-nji ýylyň ralli-reýdiniň guramaçylary Russiýa Federasiýasynda halkara ýaryşlaryň geçirilmeginiň gadagan edilmegi bilen baglylykda, Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) hem-de Halkara motosiklet federasiýasynyň (FIM) öňündäki borçlaryň ödelmegi bilen, ýaryşyň daşary ýurtly türgenleri çagyrmak mümkinçiligi bolan «Bütinrussiýa» adyny alýandygyny habar beripdiler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews