Türkmenistan «Aziýanyň çagalary» halkara sport oýunlaryna gatnaşar

SalamNews

28 Iýun, 2022

Türkmenistanly çagalar 27-nji iýuldan 8-nji awgusta çenli Wladiwostokda (Russiýa Federasiýasy) geçjek «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlaryna gatnaşar. Ýeri gelende bellesek, pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylda Ýakutiýada geçmeli Oýunlaryň wagty süýşürilipdi. «Aziýanyň çagalary» atly gyşky oýunlar ahyrky gezek 2019-njy ýylyň fewralynda Sahalinde geçipdi we 20 ýurtdan bolan çagalary bir ýere jemläpdi.

Oýunlaryň direksiýasynyň ýolbaşçysy Elmir Walitow «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlaryna Türkmenistandan başga-da, 9 ýurtdan bolan türgenleriň gatnaşjakdygyny habar berdi. Olar Ermenistan, Hindistan, Eýran Yslam Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Siriýa, Tailand, Özbegistan, Mongoliýa we Gazagystan Respublikasydyr.

Primorskiý sebitiniň bedenterbiýe we sport ministri Žan Kuznesowyň bellemegine görä, sebitde ähli sport desgalarynyň taýýarlygy maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Galyberse-de, bar bolan sport toplumlarynyň ählisinden peýdalanylar. Olar Oýunlaryň başlanjak günlerine çenli doly taýýar ediler.

Oýunlar Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň we hökümetiniň, şeýle hem Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň, ýurduň Daşary işler ministrliginiň, Sport ministrliginiň, galyberse-de, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň goldaw bermeginde geçiriler. Ýaryşlar Halkara Olimpiýa komitetiniň hem-de ÝUNESKO-nyň howandarlygynda guralar. Oýunlaryň maksatnamasyna bolsa sportuň badminton, basketbol, boks, kuraş göreşi, kenarýaka woleýboly, dzýudo, ýeňil atletika, mas-restling, stol tennisi, suwda ýüzmek, ok atmak, erkin göreş, grek-rim göreşi, sambo, ýaýdan ok atmak, taekwondo, tans sporty, futzal, hapsagaý hem-de çeper gimnastika görnüşleri girer.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews