Türkmenistan Kazanda geçiriljek halkara oba hojalyk sergisine çagyryldy

SalamNews

15-nji iýunda Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde söwda, ykdysady, ylmy, tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň başlyklarynyň iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Kazan şäherindäki diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň we Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, söwda-senagat ministri O.Korobçenkonyň duşuşygynda ulag ulgamynda, gämigurluşyk, nebithimiýa, dokma senagatynda, oba hojalygynda, lukmançylykda we ylym-bilim ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki forumlary we sergileri geçirmäge hem uly üns berildi. Şu babatda türkmen tarapy 6 — 8-nji iýulda Kazanda geçiriljek «Agrowolga 2022» halkara oba hojalyk sergisine gatnaşmaga çagyryldy. Duşuşygyň dowamynda Tatarystanyň meşhur «Kamaz» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «KER-Holding», Kazan dikuçar kärhanasy, «Ak Bars» gämigurluşyk birleşigi bilen durmuşa geçirilýän taslamalara seredildi we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýarlyk beýan edildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar şu ýyl bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 8-nji mejlisini we Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günlerini geçirmek meseleleriniň üstünde işlemek boýunça özara ylalaşdylar.

Habar berlişine görä, Kazan şäherindäki duşuşykdan soň, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow 25-nji Halkara Peterburg ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine ugrady.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews