Türkmenistan Şanhaýda geçiriljek halkara import sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

SalamNews

Şu ýylyň 5 — 10-njy noýabrynda Hytaýyň Şanhaý şäherinde VI Hytaý halkara import sergisi geçirilýär. Bu halkara gözden geçirilişe türkmen tarapynyň hem çagyrylýandygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi web saýtynda habar berilýär.

Sergä gatnaşmaga isleg bildirýänleriň 31-nji iýula çenli Hytaý tarapy bilen habarlaşmalydygy habarda mälim edilýär. Sergi barada giňişleýin maglumat almak üçin şu ýere basyň.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 21-23-75, 21-23-64

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews