Türkmenistanly işewürler halkara oba hojalyk we azyk ýarmarkasyna çagyrylýar

SalamNews

17 Awgust, 2022

Türkmenistanly işewürler Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Terra Madre Anatolia Izmir 2022» ady bilen geçiriljek oba hojalyk we azyk ýarmarkasyna çagyrylýar. Halkara sergi ýarmarkasy 2 — 11-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Oňa gatnaşmak isleýän türkmen işewürleriniň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna ýüz tutup biljekdiklerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär.

2004-nji ýylda esaslandyrylan bu gastronomiýa sergisi her 2 ýyldan bir gezek geçirilýär. Ol oba hojalyk önümlerini öndürijiler, paýlaýjylar we ilata taýýar görnüşde ýetirijiler bilen arabaglanyşygy berkitmäge, bu ugurda durnukly ösüşi üpjün etmäge ýöriteleşendir.

Halkara ýarmarka oba hojalyk işewürligi bilen meşgullanýan hojalyklaryň, jemgyýetçilik iýmiti merkezleriniň wekilleri, ýaşlar we beýleki isleg bildiren taraplar gatnaşyp bilerler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews