Türkmenistan iň howpsuz ýurtlaryň ilkinjileriniň hatarynda ýer aldy

SalamNews

21 Mart, 2023

Ýakynda Bütindünýä terrorçylyk indeksiniň 2023-nji ýyldaky hasabaty çap edildi. Ondaky maglumatlara görä, dünýädäki iň howpsuz ýurtlara 93-nji ýer berildi. Bu ýurtlarda terrorçylygyň 0 derejesi görkezilýär.

Awstraliýanyň Ykdysadyýet we parahatçylyk instituty tarapyndan düzülen hasabatda bellenişi ýaly, 93-nji ýerde, ýagny iň howpsuz ýurtlaryň sanawynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Türkmenistan, Gazagystan we Gyrgyzystan bar. Bu sanawda Özbegistan 70-nji, Täjigistan bolsa 50-nji ýerde dur.
«Bütindünýä terrorçylyk indeksi 2023-iň» hasabaty bilen giňişleýin tanşyp bilersiňiz:

«Bütindünýä terrorçylyk indeksi 2023» 163 ýurtdaky ilatyň 99,7 göterimini öz içine alýar. Hasabatda iň howply ýurtlar sanawyň ilkinji onlugynda ýerleşdirilip gyzyl reňkde, terrorçylygyň hiç hili howpy bolmadyk ýurtlary bolsa, 93-nji ýerde ýerleşdirilip gök reňkde bellendi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews