Türkmenistan Türkiýeli hyzmatdaşlar bilen energetika ulgamynda özara hereketlere açykdygyny tassyklady

SalamNews

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Türkmenistan Türkiýeli hyzmatdaşlar bilen energetika ulgamynda özara hereketlere açykdygyny aýtdy.

Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzda energetika ulgamy giň orun tutýar. Bu ýerde gürrüň türkmen energiýa serişdeleriniň, hususan-da elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň Türkiýä iberilmegi barada gidýär.

«Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän taraplaryň bähbitlerini deň derejede göz öňünde tutmak ýörelgesinden ugur alyp, Türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bu ugurda özara hereketlere açykdyr» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews