Türkmenistan — BMG: bilelikdäki maksatnamanyň çäginde gandbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

SalamNews

18 Mart, 2023

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda zenanlaryň arasynda gandbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu barada «Türkmen sporty» gazetinde habar berildi.

Aşgabat şäheriniň gandbolçy gyzlaryndan düzülen topar Türkmenistanyň çempiony boldy. Balkan welaýatynyň topary ikinji orna mynasyp bolsa, Lebap welaýatynyň gandbol boýunça zenanlar ýygyndysy öňdäki üçlügi jemledi.

Bu ýerde geçirilen ýeňijileriň sylaglanyş dabarasy hem uly şowhuna beslendi. Dabara Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň wekilleri we sport muşdaklary gatnaşdylar. Ýeňijiler Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglandy.

Zenanlaryň arasynda guralan gandbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň gender deňligini ilerletmek baradaky ýörelgelerine pugta eýerýändiginiň görkezijisine öwrüldi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews