Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine türkmen ýaşlary okuwa iberiler

SalamNews

16 Dekabr, 2023

Düýn — 15-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow 2024-2025-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary ibermegiň mümkinçiligi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bu ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda bilim ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin ýurduň mynasyp ýaşlaryny ibermegiň wajypdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews