Türkmenistan Hytaýa gaz ibermekde ilkinji orunda durýar

SalamNews

Hytaýa turbageçirijileriň üsti bilen gaz ibermekde Türkmenistan birinji ýerde durýar.

— 2023-nji ýylyň ýanwar—iýun aýlarynda Türkmenistanyň bu ýurda eksporty 5.06 milliard dollar boldy — diýlip, «TASS» habarlar gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

Çeşmäniň habaryna görä, Russiýa 3,4 milliard dollar bilen ikinji, Mýanma 737,9 million dollar hasabynda üçünji ýerde, Gazagystan bolsa — 448,7 million dollar möçberinde dördünji ýeri eýeleýär.

Iň gowy bäş üpjün edijiniň soňky hasabynda 2023-nji ýylyň ýanwar—iýun aýlary aralygynda Özbegistan 203,9 million dollar möçberinde bäşinji orny eýeleýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews