Türkmenistanda «STEPS» gözleginiň üçünji tapgyryna taýýarlyk görülýär

SalamNews

27 Iýun, 2023

Ýokanç däl keselleriň töwekgelçiligini azaltmak we olaryň öňüni almak üçin geljekki çäreleri meýilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanda «STEPS» gözleginiň üçünji tapgyryny amala aşyrmak üçin ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Şu mynasybetli Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Ýewropanyň ýokary derejeli hünärmenler topary 2023-nji ýylda Türkmenistanda «STEPS» gözleginiň üçünji tapgyryna taýýarlyk görmek we maglumat ýygnamak, tehniki goldaw bermek maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Olar saparynyň dowamynda bu ýerde ugurdaş türkmen hünärmenleri bilen okuw seminaryny geçirýärler.

Adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde beýik işleri amala aşyrmakda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanylmagy saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde aýgytly ädimleriň biridir.

Dünýäde töwekgelçilik şertleriniň we ýokanç däl keselleriň ýaýraňlygy örän ýokarydyr. Aslynda olar ýurtlaryň aglaba köpüsiniň saglygy goraýyş ulgamlarynyň esasy meselesi bolup durýar. Bu esasan hem ilatyň garramagy ýüze çykýan ýurtlara has mahsusdyr. Töwekgelçilik şertleriniň utgaşýan täsiri meselesiniň ylmy nukdaýnazardan işleniliş derejesiniň pesdigi kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, bu mesele ilatyň aýratyn toparlarynyň durmuş-ykdysady, medeni we demografiki taýdan häsiýetli aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, degişlilikde düýpli işlenilip taýýarlanylmagyny talap edýär.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň strategik geljek üçin maksatnamasy ähli mümkin bolan töwekgelçilik şertleriniň adam bedenine hem-de dowamly keselleriň ösmegine özara baglanyşykly täsirini hasaba alýan toplumlaýyn çemeleşmä esaslanmalydyr.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews