«Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi»: Türkmen wekiliýeti Brýusselde geçiriljek Ulag boýunça maýa goýum forumyna gatnaşar

SalamNews

«Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça Dialog görnüşindäki nobatdaky 15-nji duşuşyk Brýusselde geçirilýär. Şu gün — 19-njy dekabrda Belgiýanyň paýtagtynda söwda we ykdysadyýet ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistan — ÝB bilelikdäki toparyň 22-nji mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýty habar berdi. Toparyň 21-nji mejlisi 2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilipdi.

Türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 29 — 30-njy ýanwarynda Brýusselde geçiriljek Ulag boýunça maýa goýum forumyna gatnaşar. Ýewropa komissiýasy tarapyndan guraljak bu forum iki sebitiň — Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag aragatnaşygyny gowulandyrmaga gyzyklanma bildirýän jemgyýetçilik hem-de hususy pudagyň wekillerini, maýadarlary birleşdirer.

Şol gepleşigiň dowamy hökmünde indiki ýylyň ikinji çärýeginde döwlet edaralaryndan, şeýle-de hususy ulag we logistika kompaniýalaryndan bolan hünärmenleriň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär. Bu simpoziumy Aşgabatda geçirmek baradaky teklip 23-nji oktýabrda Lýuksemburgda geçirilen Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 19-njy duşuşygynda tassyklandy hem-de duşuşyga gatnaşyjylaryň bilelikdäki Beýanynda görkezildi.

Geçen hepdäniň anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde şu çäreler barada hasabat beren wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde ÝB-niň degişli gurluşlary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we energetika pudagynda tejribe alyşmak üçin duşuşyklary guramak boýunça tekliplerini hödürledi.

Şunlukda, 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews