«Türkmenhowaýollary» agentligi 2 sany «Boeing 777–300 (ER)» kysymly howa gämisini satyn aldy

SalamNews

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle-de howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen 2 sany «Boeing 777–300 (ER)» kysymly howa gämisini satyn aldy. «Daryo-nyň» habar bermegine görä, ol dört sany «Boeing 777-200 (LR)» uçaryny dolandyrýan ýeke-täk milli awiagatnawyndaky ilkinji uçar bolar.

Häzirki wagtda «Türkmenhowaýollary» agentligine degişli dürli görnüşli «Boeing» howa gämileriniň bardygyny bellemelidiris. Onda dört sany «737-700», sekiz sany «737-800», dört sany «757-200» kysymlaryndaky uçarlar hereket edýär. Şeýle hem Türkmenistanda ýük daşamak maksady bilen iki sany «Airbus 330-200» we üç sany «Il-76TD» uçary ulanylýar.

Häzirki zaman howa gämileriniň ulanyşa goýberilmegi halkymyzyň halkara howa gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga hem-de ýurdumyzyň howa gämileriniň gatnawlarynyň geografiýasyny giňeltmäge uly mümkinçilikleri berer.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews