Türkmenistanyň ulag-logistika kompaniýalary Bakuwda geçiriljek halkara maslahata we sergä gatnaşmaga çagyrylýar

SalamNews

20-21-nji sentýabrda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçiriljek «Gara deňiz — Hazar logistika forumy 2023: geçelgeler, ýükler, infrastruktura» maslahatyna hem-de ugurdaş sergisiniň resmi maglumat hyzmatdaşy bolan «Türkmen Logistika» Assosiasiýasy Türkmenistanyň ulag-logistika kompaniýalaryny bu halkara çärelere gatnaşmaga çagyrýar.

Gara we Hazar deňzindäki halkara ulag geçelgeleri sebitiň ykdysady ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýe. Bu geçelgeler sebit ýurtlary üçin ykdysady ösüşiň täze hereketlendirijisi bolup biler. Sebitdäki halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi ähli gyzyklanýan taraplaryň hyzmatdaşlygyny talap edýär. Munuň üçin bolsa portlaryň we terminallaryň infrastrukturasyny ösdürmek, logistika boýunça häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, harytlaryň iberiliş wagtyny hem-de logistika çykdajylaryny azaltmak we müşderi hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak zerurdyr.

Häzirki wagtda sebitdäki geosyýasy şertler we kynçylyklar logistika kompaniýalaryny we ýük eýelerini Gara we Hazar deňiz ýurtlarynyň çäklerinden geçýän ulag geçelgelerini işjeň ulanmaga iterýär.

Mundan başga-da, bu halkara ulag resminamalaryny, geçelgeleri we ugurlary ýönekeýleşdirmek we sanlaşdyrmak boýunça döwletara şertnamalaryň baglaşylmagyna itergi berýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews