Türkmenistan bilen TRT telewideniýe we radio kompaniýasy hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

SalamNews

15 Oktýabr, 2023

Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda türkmen teleýaýlymynyň we TRT telewideniýe we radio kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Gepleşiklerde Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew Türkiýe döwletiniň telewideniýe we radio kompaniýasynyň TRT Daşary işler bölüminiň müdiri Mustafa Sarydaş wekilçilik etdi.

2024-nji ýylda beýik şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniler. Şu mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan edilendigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýygnakda Türkmenistan bilen TRT teleýaýlym we radio kompaniýasynyň arasynda geljek ýylda meýilleşdirilýän wakalar babatynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews