Türkiýäniň zenanlar ýygyndysynyň taryhy çempionlygy

SalamNews

17 Iyul, 2023

Woleýbol boýunça Milletler Ligasynda Türkiýäniň zenanlar ýygyndysy çempion boldy. ABŞ-nyň Tehas ştatyndan geçirilen ýaryşyň final tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda Türkiýäniň ýygyndysy Hytaýyň ýygyndysy bilen duşuşdy.

Çekeleşikli geçen finalyň türkiýeli zenanlar 3:1 (25:22, 22:25, 25:19, 25:16) hasabynda ýeňşini baýram etdi. Şunlukda, Türkiýäniň woleýbol boýunça zenanlar ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek halkara ýaryşlarda altyn medala mynasyp boldy. Duşuşykdan soň türkleriň ýeňiş gazanmagynda uly rol oýnan Melissa Wargas ýaryşyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy.  

Ýarym finalda Türkiýeden asgyn gelen ABŞ-nyň ýygyndysy bürünç medal duşuşygynda-da Polşadan 3:2 hasabynda utuldy.

Milletler Ligasy 5-nji gezek geçirilip, 2018-nji, 2019-njy hem-de 2021-nji ýyllarda ABŞ-nyň, 2022-nji ýylda Italiýanyň ýygyndysy çempion bolupdy. 2018-nji ýylda kümüş, 2021-nji ýylda bürünç, 2019-njy we 2022-nji ýyllarda 4-nji ýeri eýelän Türkiýäniň ýygyndysy ilkinji gezek çempion bolmagy başardy. Milletler Ligasynda Braziliýanyň ýygyndysy yzly-yzyna 3 gezek finalda utuldy. Hytaýyň ýygyndysy bolsa ilkinji 2 ýaryşda bürünç medal alyp, bu gezek kümüş medal bilen kanagatlanmaly boldy.

Bu ýaryşdan soň Türkiýäniň zenanlar ýygyndysy täze sanawda 1-nji orna çykmagy başardy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews