Geýlen egin-eşiklerden täzelerini döretmek modasy ýaýbaňlanýar

SalamNews

Apsaýkl — aýlawly moda, ýagny geýlen egin-eşiklerden täze görnüşleri döretmekdir. Häzirki wagtda bu ugurda uly brendleriň, şeýle hem adaty tikinçileriň taýýarlaýan täze egin-eşikleri barha meşhurlyk gazanýar.  

Bu barada Moskwa şäherinde aýlawly moda öýüni («House of Blue Bear») esaslandyryjy Mihail Sanin:

— Egin-eşikler indi zyňylanok-da, biziň tikinçilik öýümize ugradylýar, biz olary täzeden işleýäris. Bu ýerde galyndy ýokdur. Geýlen egin-eşiklerden täze görnüşleri döretmek mümkinçiligi bolmasa-da, olardan torbalar we beýleki önümler taýýarlanýar.

Başda öz eşiklerimizi ulanýardyk, soňra geýlen eşikleri dükanlardan, tanyşlarymyzdan satyn alyp başladyk. Indi müşderileriň özleri getirýär, getiren müşderilere arzanladyş edýäris — diýip belleýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews