«Ýüpek ýoly 2022»: 8 tapgyrdan soň T2 ýaryşynyň öňdäki üçlügi türkmen ekipažlarynda

SalamNews

15 Iyul, 2022

«Ýüpek ýoly» halkara rallisi dowam edýär. Ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglaryň ýaryşynyň — T2 bäsleşiginiň sekizinji tapgyrynda hem esasy göreş türkmen ekipažlary bilen Sankt-Peterburgdan bolan diýseň tejribeli sürüji Dmitriý Woronowyň arasynda boldy. 13-nji iýulda ýaryşdan soň tehnikalaryň nobatdaky güne mehanikler tarapyndan ykjam taýýarlanylmagy 14-nji iýulda geçen sekizinji tapgyryň has-da ýiti häsiýete eýe bolmagyny şertlendirdi.

Şeýlelikde, bu tapgyrda dolandyrýan tehnikasynda hiç bir näsazlyk ýüze çykmadyk D.Woronow yzygiderli üçünji ýörite meýdanyny ýeňiş bilen jemledi. Ondan bir sagat çemesi soň pellehanadan geçen Merdan Toýlyýew ikinji boldy. Şamyrat Gurbanowyň ekipažy bolsa Toýlyýewiňkiden bary-ýogy 25 sekunt yza galdy.

8 ýörite meýdandan soňky umumy görkezijilere ser salsak, türkmen ekipažlarynyň — Toýlyýew bilen Gurbanowyň netijeleriniň bary-ýogy 8 minut tapawut etmegi ýeňiş ugrundaky göreşiň diýseň ýitidiginden nyşandyr. Häzirlikçe üçünji orunda Maksatmyrat Daňatarow barýar. Bu häzir T2 ýaryşynda umumy hasap boýunça öňdäki üçlügi türkmen ekipažlarynyň düzýändigini aňladýar. Dmitriý Woronow bolsa heniz dördünji orun bilen çäklenmeli bolýar.

Şu gün «Wolgograd — Lipesk» ugry boýunça guraljak dokuzynjy tapgyr ýaýbaňlandyrylar. Tapgyryň umumy geçilmeli menzili 773 kilometre barabar bolar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews