Dünýäniň iň gymmatly futbol klublary

SalamNews

7 Aprel, 2023

«Transfermarkt» futbol platformasy häzirki wagtda dünýäniň iň gymmatly 15 futbol klubunyň sanawyny mälim etdi. Sanaw klublaryň düzümlerindäki futbolçylaryň transfer bazaryndaky bahasyna görä düzüldi. Şoňa görä, «Mançester Siti» kluby 1,05 milliard ýewrolyk düzümi bilen 1-nji orny eýeleýär. 1 milliard ýewrodan geçen 2-nji topar «Çelsi» bolup, londonlylaryň düzümi 1,02 milliard ýewro deňdir. «Bawariýanyň» 979,70 million ýewro bilen 3-nji bolan sanawynda «Arsenal» 4-nji, PSŽ 5-nji orny eýeleýär. «Liwerpul», «Real Madrid», «Mançester Ýunaýted», «Barselona» hem-de «Tottenham» klublary-da ilkinji 10-luga giren toparlardyr.

 Ine-de, sanawyň ilkinji 15-ligine giren toparlar:

1. «Mançester Siti» — 1,05 milliard ýewro;

2. «Çelsi» — 1,02 milliard ýewro;

3. «Bawariýa» — 979,70 million ýewro;

4. «Arsenal» — 890 million ýewro;

5. «Pari Sen-Žermen» — 882,55 million ýewro;

6. «Liwerpul» — 879 million ýewro;

7. «Real Madrid» — 860,50 million ýewro;

8. «Mançester Ýunaýted» — 795,70 million ýewro;

9. «Barselona» — 767 million ýewro;

10. «Tottenham Hotspur» — 680,30 million ýewro;

11. «Napoli» — 629 million ýewro;

12. «Borussia Dortmund» — 547,70 million ýewro;

13. «Milan» — 547,25 million ýewro;

14. «Inter» — 534,45 million ýewro;

15. «Nýukasl» — 493,30 million ýewro;

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews