Mary welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy

SalamNews

17 Aprel, 2024

1

Şu gün ýurdumyzyň Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, şeýle hem köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylyp, öňdebaryjy dünýä tejribesi öwrenilýär, pudagyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary gurulýar we bar bolanlarynyň durky täzelenýär, olaryň köpüsiniň Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy ýokdur. Bularyň ählisi ilata halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge gönüden-göni ýardam edýär, giň ýaýran we seýrek duş gelýän keselleri başky döwürlerinde anyklamaga hem-de netijeli bejermäge mümkinçilik döredýär.

Ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işlerine jogapkärli çemeleşmek bilen, ýurdumuyzda eneligi we çagalygy goramaga aýratyn ähmiýet berilýär, bagtly gelejegiň eýeleri hasaplanýan çagalaryň kesellemeginiň öňüni almak üçin ähli şertler döredilýär.

Şu günki Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň gatnaşmaklary bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň aýdyň görkezijisi boldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews