«Toýotanyň» taýy ýok

SalamNews

29 Aprel, 2023

«ISeeCars», «RepairPal», «Kelley Blue Book» ýaly iri seljeriş internet platformalaryndan jemlenen maglumatlar arkaly dünýäniň iň ygtybarly ulaglarynyň sanawy düzüldi. Bu sanawda öňdäki orunlaryň ýapon öndürijisi «Toyotanyň» ulaglaryna degişlidigi aýratyn nygtalmaga mynasyp.

Maglumatlary seljeren «Hot Carsyň» bilermenleri birinji orny «Toyota Land Cruiser» ulagyna berdiler. Maglumatlara görä, bu ulag 450 — 500 müň kilometr ýoly bökdençsiz geçip bilýär. Şu ýerde «Toyota Land Cruiser» ulagynyň ABŞ-da azdygyny-da aýtmak gerek. Ýaponiýa bu ýurda, esasan, äpet pikaplaryny we dag ýollaryna ukyply awtoulaglaryny eksport edýär.

Ikinji orun bolsa meşhur «Prius» ulagyna degişli. Bu ulag bökdençsiz 400 müň kilometr ýol geçip bilýär. Onuň köpçülikleýin taksi hyzmatlarynda peýdalanylýandygy olaryň ygtybarlylygyny doly derejede tassyklaýar.

«Toyota Avalon» bolsa sanawda üçünji orunda barýar. Biziň ýurdumyzda hem meşhur bolan bu ulag 395 müň kilometr ýoly ýeňillik bilen geçmäge ukyply.

Sanawda 4-nji orunda ýeke-täk «Toyota» bolmadyk ulag — «Honda Pilot» ýerleşýär. Onuň döwülmezden ozal 380 müň kilometr ýol geçýändigi subut edildi. Sanawda «Toyota Camry» awtoulagy bäşinji orun bilen oňmaly boldy. Ol gypynçsyz 370 müň kilometrlik ýoly külterläp bilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews