Tomas Jeromin öýünde 555 sany täze ýyl arçasyny ýerleşdirip, dünýä rekordyny täzeledi

SalamNews

6 Dekabr, 2023

Germaniýanyň demirgazygyndaky Rinteln şäherinde ýaşaýan 57 ýaşly Tomas Jeromin we aýaly Suzanna 180 inedördül metr meýdany bolan öýüniň içinde 555 sany täze ýyl arçasyny bezediler.

Bu arçalaryň ählisini bezemek üçin jemi 108,000 oýnawaç we 48,000 çyra gerek bolupdyr.

Bir otagda 89 arça bolup, başgalary ýatylýan otagda, eýwanda hat-da hajathanada ýerleşdirildi. Är-aýalyň bu üstünligi Germaniýanyň Rekordlar instituty tarapyndan resmi taýdan tassyklandy.

Bu maşgala şol wagtyň özünde tygşytlylygy hem ýatdan çykarmadylar. Bu bezegli arçalara az elektrik toguny talap edýän yşyklandyryjylary geçdiler. Ertekilerdäki tokaýy ýadyňa salýan bu owadan arçalary 6-njy ýanwara çenli sökmegi meýilleşdirýärler. Jerominiň öýi häzirki wagtda Germaniýada höwes bildirip barylýan ýere öwrüldi. Ony görmäge ýurduň dürli künjeklerinden, hatda beýleki ýurtlardanam adamlar gelýär.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl Tomasyň 444 sany täze ýyl arçasy bardy. Ýöne onuň kolleksiýasy yzygiderli baýlaşdyrylýar. Olar indiki ýyl bu arçalaryň sanyny 600-e ýetirmegi maksat edýärler.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews