Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-yň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi

SalamNews

25-nji dekabrda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň (Ankara şäheri) guramagynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň hem-de Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de 2024-nji ýylda amala aşyryljak hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlenildi.

Şeýle hem, geljek ýylyň dowamynda möhüm senelere bagyşlanyp geçiriljek bilelikdäki çäreler – 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary – Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi, şol sanda Gündogaryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň toplumynyň geçirilmegi hem-de gadymy türkmen şäheriniň – Änewiň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip tassyklanmagy babatdaky meseleler boýunça pikir alşyldy.

Bulardan başga-da, duşuşykda medeniýet we sungat ugurlaryndan bilelikdäki çäreleri geçirmek hem-de özara tejribe alyşmak babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews