«Wimbledon-da» gazagystanly tennisçi çempion boldy

SalamNews

10 Iyul, 2022

Tennis boýunça möwsümiň 3-nji «Uly tuwulga» ýaryşy «Wimbledon-da» zenanlaryň arasyndaky çempion belli boldy. Ilkinjileriň finaly bolan duşuşykda gazagystanly Ýelena Rybakina tunisli Uns Jaberden 3 setiň netijesinde 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Çekeleşikli geçen final 1 sagat 47 minutlap dowam edip, duşuşygyň 1-nji setinde Jaber arkaýynlyk bilen 6:3 hasabynda ýeňiş gazandy. 2-nji setde käbir ýalňyşlyklaryna garamazdan, özüni dürsän Rybakina 6:2 ýeňiş gazanyp, umumy hasaby deňlemegi başardy. 3-nji setde-de sowukganlylygyny goramagy başaran Rybakina 6:2 öňe saýlanyp, taryhy ýeňiş gazandy. 23 ýaşyndaky asly russiýaly tennisçi «Uly tuwulga» gazanan ilkinji gazagystanly, şol sanda aziýaly 3-nji tennisçi hökmünde taryha girdi. Sanawyň 17-nji belgilisi Rybakowa karýerasy boýunça 3-nji kubogyny asmana göterdi. Ol 2011-nji ýyldan bäri «Wimbledon-da» ýeňiş gazanan iň ýaş tennisçi boldy. Rybakina umumylykda «Wimbledon-da» çempionlyk gazanan iň ýaş ikinji zenan tennisçi hökmünde hasaba alyndy. Bu finala çenli «Wimbledon-da» zenanlaryň arasynda 11 ýurduň wekili çempion bolupdy. Rybakina 12-nji ýurduň çempiony hökmünde taryha girdi.   

Çempionlyk kubogyny Kembrijiň gersogy Williamyň ýanýoldaşy Keýt Middltonyň elinden alan Rybakina 2 million funt sterling pul baýragyna-da mynasyp boldy.

Finalçy Jaber bolsa «Uly tuwulga» gazanan arap hem-de afrikaly tennisçi («Açyk» döwürde) bolmak mümkinçiligini elden giderdi. 27 ýaşyndaky tennisçi duşuşykdan soň özüne iki hepdeläp goldaw beren janköýerlere, toparyna köp sagbolsun aýtdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews