Medwedew çärýek finalda Sinneri ýeňdi, ýarym finalda bolsa Alkaras bilen duşuşar

SalamNews

10 Iyul, 2024

2

Tennis boýunça möwsümiň 3-nji «Uly tuwalga» ýaryşy «Uimbledonda» erkeklerde-de, zenanlarda-da ilkinji 2 ýarym finalçy belli boldy.

Erkekleriň arasynda çärýek finalda sanawyň 1-nji belgili tennisçisi, italiýaly Ýannik Sinner bilen russiýa Daniil Medwedew duşuşdy. 5 setde tamamlanan duşuşykda 5-nji basgançakdaky Medwedew garşydaşyny 3:2 hasabynda ýeňip (7:6, 4:6, 6:7, 6:2, 3:6), ýarym finala çykdy. Medwedewiň ýarym finaldaky garşydaşy ispaniýaly Karlos Alkaras bolar. 3-nji orundaky Alkaras çärýek finalda amerikaly Tommi Poly 1-nji setde 7:5 utulandygyna garamazdan, soňky 3 setde 6:4, 6:2 we 6:2 hasaplar bilen ýeňmegi başardy.

Zenanlaryň arasynda-da Jasmin Paolini amerikaly Emma Nawarrony 6:2 we 6:1 hasaplar bilen utup, ýarym finala çykdy. Horwatiýaly Donna Wekiç bilen awstraliýaly Lulu Sunuň arasyndaky duşuşykda ýeňiş ýewropaly tennisçiniň tarapynda boldy. Wekiç garşydaşyndan 1-nji setde 7:5 utulsa-da, 2-3-nji setlerde 6:4, 6:1 hasaplar bilen ýeňşini baýram etdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews