Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala taýýarlyk görülýär

SalamNews

3 Noýabr, 2023

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün — 2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serd­ar Berdimuhamedow san­ly ulgam arkaly Türkm­enistanyň Ministrler ­Kabinetiniň nobatdaky­ mejlisini geçirdi. Geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň 14–16-njy noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu döredijilik forumyna Azerbaýjanyň döwlet sazly drama teatrynyň, Gazagystanyň drama teatrynyň, Gyrgyz Respublikasynyň sazly drama teatrynyň, Tatarystanyň döwlet akademiki teatrynyň, Täjigistanyň döwlet ýaşlar teatrynyň we Özbegistanyň sazly drama teatrynyň wekilleri gatnaşar.

Festiwalyň açylyş we ýapylyş dabaralary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlaryny görkezmek meýilleşdirilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews