Daşkentde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi

SalamNews

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde «Özbegistan we Türkmenistan. Hyzmatdaşlygyň täze taryhy tapgyrynda ösüşiň mümkinçilikleri» ady bilen halkara maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygyna gabatlanyp geçirildi.

«UzDaily» internet neşiriniň habar bermegine görä, maslahata iki goňşy ýurduň ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary, daşary işler ministrlikleriniň, syýasy we ykdysady edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar iki ýurduň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilermenleriň bellemeklerine görä, iki ýurduň ulag-logistika hyzmatdaşlygy özara bähbitli we sebit ähmiýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär. Hazarüsti we Omanyň üstünden ulag geçirijileriniň ösdürilmegi Aziýa we Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa uzaýan bitewi ulag geçirijisiniň işjeňleşdirilmegine hem özüniň goşandyny goşar.

Amyderýanyň çep we sag kenarlaryny birleşdirýän «Türkmenabat — Farap» awtomobil we demir ýol köprüleri ýükleriň bökdençsiz üstaşyr geçiriliş mukdaryny has-da artdyrýar. Bu maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Merkezi Aziýa Halkara instituty tarapyndan bilelikde guraldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews