Çölüň bezegi — çomuç

SalamNews

7 Aprel, 2023

Bahar paslynda tebigatyň keşbi özgerip, çöl-beýewanlar, dag-dereler al-ýaşyl öwüsýär. Ülpüldeýän ot-çöpler, pyntyklaýan dal-daragtlar baharyň görküne görk goşýar. Bahar aýlary dag etekleriniň we çölüň bezegine aýratyn gözellik goşýan çomuç daşky görnüşi we bejerijilik häsiýeti boýunça tapawutlanýar.

Güneşli Diýarymyzda çomujyň 19 görni duşýar. Porsy we badrakema çomuçlary onuň esasy giň ýaýran görnüşleri hasaplanýar. Monokarp ösümliklere degişli bolan porsy çomuç ýogyn köklüdir. Köküň ýanyndaky ýapraklary uly we penje şekilli bölünýär. Onuň 1,5 — 2 metre ýetýän baldagy birnäçe ýyldan soň emele gelýär. Baldagynyň ujunda çylşyrymly saýawan görnüşli güller ýerleşýär. Çomujyň düzüminde şepbik köp toplanan wagtynda kökleri ýygnalýar. Kökünden alnan süýtde 58 — 70 göterim şepbik, 3 — 6 göterime çenli efir ýagy saklanýar. Kökünden alnan şepbikden oksokumarin maddasy — umbelliferen alynýar we ol lukmançylykda giňden ulanylýar.

Badrakema çomujyndan alynýan şepbikde golban kislotasy bolup, ol antibiotik serişde hökmünde peýdalanylýar. Halk lukmançylygynda çomuç degna, damar çekme kesellerini bejermek üçin, şeýle-de soguljanlara garşy ulanylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews