Türkmenistanyň suratkeş zenanlary Bişkekdäki «Türk dünýäsinde zenanlar älemi» sergisinde öz eserlerini hödürlediler

SalamNews

10 Iýun, 2024

3

6 — 8-nji iýun aralygynda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherindäki G.Aýtiýewiň adyndaky Milli şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türk dünýäsinde zenanlar älemi» sergisi geçirildi.

Onda Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan, Türkiýe we Türkmenistan ýaly türki döwletlerden görnükli 15 zenan suratkeş tarapyndan döredilen 62 eser görkezildi.

Türkmenistanyň sergi bölüminde Beýik Britaniýada (2005), Hindistanda (2013) we Russiýa Federasiýasynda (2012, 2014, 2018) guralan halkara sergilerine gatnaşyjylar Aýnagözel Nuryýewanyň hem-de Hatýja Amansähedowanyň eserleri gatnaşdy.

Sergide däp bolan senetçilik önümleri we häzirki zaman sungatynyň eksponatlary bar. Myhmanlara haly dokamak, keşde çekmek, dokma işleri, şeýle hem surat, heýkeltaraşlyk we grafika eserleri görkezildi.

Sergi türki dünýäniň zenanlarynyň jemgyýetiň sungatyna we medeni durmuşyna goşan goşandyny görkezdi.

Sergi üçin ýörite katalogyň neşir edilendigini bellemelidiris. Şeýle çäräniň beýleki türki döwletlerde hem bolup biljekdigi çak edilýär.

00:00 / NaN:NaN:NaN

480p

360p
480p

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews