Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýranyň Milli gymmat bahaly daşlar we Haly muzeýlerine baryp gördi

SalamNews

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň dowamynda Ogulgerek Berdimuhamedowa özi üçin taýýarlanan medeni maksatnamanyň çäklerinde Eýranyň Milli gymmat bahaly daşlar we Haly muzeýlerine baryp gördi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy eýran halkynyň baý sungatyny gorap saklamak, müňýyllyklara uzaýan taryhyny wagyz etmek maksady bilen döredilen muzeýiň gymmatlyklaryny uly gyzyklanma bilen synlady. Ogulgerek Berdimuhamedowa muzeýe baryp görendigi barada ýatlama hökmünde ýadygärlik sowgat gowşurdy.

Milli gymmat bahaly daşlar muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Eýranyň Haly muzeýine tarap ugrady.

Eýranyň Haly muzeýi iki gatly döwrebap binada ýerleşýär. Onuň meýdany 3 müň 400 inedördül metre deňdir. Bu ýerde muzeýde görkezilýän sungat eserleriniň döredilişi bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar bilen tanyşmak mümkindir. Eýranyň Haly muzeýi özünde bu ugra degişli pars, arap, fransuz, iňlis we nemes dillerindäki kitaplary saklaýan kitaphana eýe bolan möhüm barlag merkezidir.

Şeýle hem 2022-nji ýylyň maý aýynda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde bitiren işleri, köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmeti üçin çeper elli halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylandygyny bellemek gerek.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews