Futbolyň super ýyldyzy Lionel Messi 36 ýaşynda

SalamNews

24 Iýun, 2023

Dünýä futbolynyň super ýyldyzy, argentinaly futbolçy Lionel Messi şu gün — 24-nji iýunda 36 ýaşaýar. 1987-nji ýylyň 24-nji iýunynda Argentinanyň Sante Fe welaýatynyň Rosario şäherinde dünýä inen Lionel Messi çagalykdan futbola uly isleg bildirýär.

Ol sebitindäki «Grandoli» klubunyň çagalar toparynda futbola başlaýar. Soňra 8 ýaşynda «Newell’s Old Boýz» klubunyň düzümine goşulýar. Garmon ýetmezçiligi sebäpli boýy juda kelte bolandygyna garamazdan ol öz deň-duşlarynyň, hatda, özünden ulularyň arasynda hem tapawutlanýar. Ol 2000-nji ýylda «Barselonanyň» düzümine goşulýar. Boýynyň ösmegi üçin «Barselonada lukman kömegini alan Messi ilki-ilkiler bu şäherde kakasy bilen galýar.

2003-nji ýylda Ispaniýanyň 4-nji ligasynda «Barselonanyň» «C» toparynda çykyş edýär. 10 oýunda 5 gol geçiren Messi kem-kemden «B» toparynda oýnap başlaýar.

Lionel Messi «Barselonanyň» esasy düzüminde 2003-nji ýylyň 16-njy noýabrynda «Porto» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşykda, 75-nji minutda oýna girýär. Ol katalonlaryň esasy düzüminde ilkinji gezek ýaşyl meýdança ädim ädende entek 16 ýaşyndady (16 ýaş 4 aý 23 gün). Şondan soň kem-kemden özüni görkezip başlan Messi esasy düzümiň aýrylmaz bölegi bolýar.

Lionel Messi «La Ligadaky» ilkinji duşuşygyny 2004-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda «Espanýola» geçirýär. 17 ýaş 3 aý 22 gün bilen «Barselonanyň» resmi duşuşyklarda çykyş eden iň ýaş oýunçysy bolýar.

Lionel Messi 2004-nji ýylda egnine geýen bu köýnekçesini 2021-nji ýylyň tomsuna çenli çykarmaýar. Ol «Barselonada» esasy düzümde, ýagny professional derejede 17 möwsüm oýnaýar. Şol döwürde super ýyldyz kluba degişli täzelenmedik rekord goýmaýar. Ol 778 oýunda 672 gol geçirýär. Iki görkeziji boýunça-da klubuň rekordynyň eýesi bolýar. Messi «Barselonada» oýnan döwürlerinde 34 kubok gazanýar. Ol «La Ligada» 10, UEFA Çempionlar Ligasynda 4 FIFA Klublar Dünýä Kubogynda 3 gezek çempionlyk gazanýar. Şol sanda UEFA Super Kubogyny 3, Ispaniýanyň Şa Kubogyny 7, Super Kubogyny 7 gezek asmana göterýär.

2021-nji ýylyň tomsunda mejbury ýagdaýda «Barselonadan» gaýtmaly bolýar. Ol Fransiýanyň PSŽ kluby bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşýar. Parižlileriň düzüminde-de 2-si çempionlyk jemi 3 kubok gazanýar.

Klublarda gazanylmadyk kubok goýmadyk Messiniň Argentinanyň ýygyndysyndaky başarnygy-da juda pesdi. 2005-nji ýylda U–20 Dünýä Kubogynyň çempionlygy hem-de 2008-nji ýyldaky Olimpiýa çempionlygy Messi üçin Argentinanyň adyndan gazanan ýeňişleridi. Ýöne soňlugy bilen, soňky 3 ýylda Argentina bilenem gazanyp bolaýjak ähli kuboklary gazanyp, adyny taryha ýazdyrmagy başarýar. Ol ilki 2 gezek finalda eli boş gaýdan ýaryşynda, Kopa Amerikada çempionlyk gazanýar. 2021-nji ýylda gazanylan bu taryhy çempionlyk onuň milli köýnekçedäki şowsuzlygynyň ýeňişli açary bolýar. 2022-nji ýylda tomsunda iki yklymyň çempionynyň duşuşygynda Italiýany ýeňip, Finalissima kubogyny hem eýeleýär. Ahyrynda-da 2022-nji ýylyň ahyrynda Katarda geçirilen Dünýä Kubogynda-da iň çür depä ýetýär. Ol Argentinanyň 36 ýyldan soň 3-nji gezek Dünýä çempiony bolmagynda esasy roly oýnaýar. Indi ähli kuboklar, hatda olaryň iň ulusy hem gazanylypdy. Şol sebäpli-de Lionel Messini ähli döwürleriň iň ökde futbolçysy hasaplaýanlaryň sany juda köpdür. Karýerasy boýunça 42 kubogy (1-si medal) asmana göteren Messi bu ugurda-da Dani Alwesden soň 2-nji ýerde barýar.

Messiniň şahsy gazanan baýraklarynyň sany welin barmak basyp sanardan köpräk. 7 gezek «Altyn topy» gazanan Messiniň «La Ligada», UEFA-da, Argentinada, Ispaniýada, Kopa Amerikada toplan şahsy baýraklarynyň sany umumylykda 60-a ýetýär. Goýan rekordlarynyň käbirleriniň yzyndan entek-entekler ýetilmese gerek.

Maşgala durmuşynda-da çagalykdan söýgülisi Antonella Rokkuzzo bilen durmuş guran Messiniň 3 ogly bar. Tiago, Mateo hem-de Çiro degişlilikde, 11, 8 hem-de 5 ýaşlarynda.

Häzirki wagtda PSŽ-den ABŞ-nyň «Inter Maýami» toparyna transfer bolan Messi sport taryhynyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawynda-da öňdäki orny eýeleýär.

Biz öz gezegimizde dünýäniň super ýyldyzy Lionel Messini 36 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, oňa uzak ýaş arzuw edýäris!

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews