Şu ýylyň martynda Türkmenistanda birnäçe çäreler we dabaralar geçiriler

SalamNews

23 Fewral, 2024

23-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň martynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp, ulanylmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.

Geljek aýda dürli maslahatlary, duşuşyklary, media-forumlary, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary, gezelençleri guramak, şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli surata düşürilen kino we dokumental filmleri görkezmek meýilleşdirilýär.

Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaralary guralar.

Ýurdumyzyň «Türkmeniň Ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, Nowruz ýaýlasynda, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahaty guralar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mart aýynda göz öňünde tutulan esasy çäreleri we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews